«Fransiýanyň gözeli» bäsleşiginiň ýeňijisi ilkinji gezek gysga saçly gyz boldy

  • 20.12.2023 14:27
  • 16k+

“Fransiýanyň gözeli – 2024” bäsleşiginiň ýeňijisi onuň 103 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek gysga saçly gyz boldy. Bu hem bäsleşigiň dawa bilen tamamlanmagyna sebäp boldy. Bu barada lady.mail.ru habar berýär.

Şeýlelikde, Fransiýanyň demirgazygyndaky Nor-Pa-de-Kale sebitinden 20 ýaşly Ýewa Žil ýurduň iň gözel gyzy diýlip ykrar edildi. Ýewa öz ýeňşini bäsleşikde “üýtgeşiklik” üçin oňyn netije hökmünde belledi.

“Biz owadan Gözelleri uzyn saçly görmäge öwrenişdik, ýöne men kelte saçly androgin obrazy saýladym. Hiç kim siziň kimdigiňizi kesgitlemeli däldir. Her bir zenan özboluşly, biziň hemmämiz özboluşly” – diýip, “Independent” gazeti Ýewanyň sözlerini getirýär.

Müňlerçe fransiýaly Ýewanyň şeýle obrazy saýlap almagyna haýran galdy, sebäbi ol kelte saç üçin fransuz modasynyň baý däplerine eýerýär (Koko Şaneli ýatlamak bolar). Muňa garamazdan, auditoriýanyň galan bölegi eminler iň owadan gyzy däl-de, bäsleşigiň inklýuziwligini görkezmek üçin “üýtgeşik” gyzy saýladylar diýip hasaplaýar.


02.06.2025 13:24
5.6k+

Fransuz dizaýneri dabanyň anatomiýasyndan ylham alan krossowkany çap etdi

Fransuz dizaýneri Mahdi Naim EXOSKYN krossowkasyny – KORUX brendiniň adam dabanynyň gurluşyndan ylham alyp döredilen ilkinji modelini hödürledi. Bu krossowkanyň esasy aýratynlygy onuň formasynyň aýagyň süňkleriniň gurluşyny gaýtalamagydyr...

17.05.2025 14:38
2.3k+

Pariž medeniýet we sungat muşdaklary üçin iň gowy şäher hökmünde saýlandy

Pariž 2025-nji ýylda medeniýet we sungat söýüjileri üçin dünýäniň iň gowy şäheri diýlip ykrar edildi. Bu barada Time Out žurnaly habar berdi, ol dünýäniň dürli şäherlerinden 18,5 müňden gowrak ýaşaýjy bilen pikir soraşma geçirdi...

17.04.2025 22:36
4.3k+

Hermès Fransiýanyň iň gymmat lýuks brendi boldy, emma uzaga çekmedi

Hermès International SCA gysga wagtlyk Fransiýanyň iň gymmat lýuks kompaniýasy boldy. Ol bazardaky umumy gymmaty boýunça LVMH konglomeratyndan öňe geçdi. Muňa garşydaşynyň paýnamalarynyň bahasynyň birden pese gaçmagy sebäp boldy diýip, «Bloomberg» neşiri habar berýär...

17.03.2025 10:43
4.4k+

Pariž moda hepdeliginde içine zat salyp bolmaýan çyra-sumka hödürlendi

ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde ýerleşýän Gantri dizaýn studiýasy Pariž moda hepdeliginde şöhle saçýan Bag Table Light atly sumkasyny tanyşdyrdy. Sumkanyň döredijileri ony «kutýur bilen bezegiň arasyndaky araçäkleri...