Garri Keýn Bundesligada 20 goly iň çalt geçiren oýunçy boldy

  • 19.12.2023 18:21
  • 7k+

«Bawariýanyň» we Angliýanyň futbol boýunça milli toparynyň hüjümçisi Garri Keýn Germaniýanyň çempionatynda rekord goýdy.

Angliýanyň milli ýygyndysynyň kapitany bir möwsümde iň tiz 20 gol salan oýunçy boldy. Munuň üçin Keýne 14 oýun gerek boldy. Hüjümçi Bundesliga-nyň häzirki möwsüminde «Ştutgart» toparynyň derwezesine 19-njy we 20-nji pökgülerini girizdi. Oýun 17-nji dekabrda geçirilip, Mýunheniň toparynyň peýdasyna 3:0 hasabynda tamamlandy.
Mundan ozal Germaniýanyň çempionatynda bir möwsümde 20 gol netijäni iň çalt gazanan oýunçy Uwe Zeller bolupdy. Munuň üçin «Gamburgyň» öňki hüjümçisine 21 oýun gerek bolupdy.
Keýn geçen tomus «Tottenhemden» «Bawariýa» geçdi. Nemes kluby 30 ýaşly hüjümçi üçin 95 million ýewro töledi.


şu gün 09:11
594

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......

düýn 23:41
3.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.8k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.4k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......