«Nature» ylmy žurnaly 2023-nji ýylyň esasy alymlaryny belli etdi

  • 19.12.2023 12:00
  • 4.4k+

“Nature” ylmy žurnalynyň hünärmenleri 2023-nji ýylda uly üstünlik gazanan alymlaryň sanawyny hödürledi. Bu barada MIR 24 habar berýär

Reýtinge “tokaýlaryň dynuwsyz çapylmagynyň öňüni alan” Braziliýanyň daşky gurşaw ministri Marina Silwa we “Çandraýan-3” missiýasynyň ýolbaşçylarynyň biri Kalpana Kalahasti girdi. Ol missiýanyň Aýa gonmagyny taýýarlamakda aýgytly rol oýnady.
Şeýle-de, erkek syçanlaryň öýjüklerinden ýaşamaga ukyply jyns öýjüklerini döredendigi üçin (bu tehnologiýa ýitip gitmek howpy abanýan görnüşleri halas etmäge kömek edip biler) Kasuhiko Haýasi, diňe wodorod bombalarynda we ýyldyzlarda görlen ýadro reaksiýalaryny döredendigi üçin fizik Enni Kritçer hem-de global maýlama garşy göreş üçin Eleni Miriwili tapawutlandy.
Mundan başga-da, reýtinge emeli intellektli çat-boty dörediji Ilýa Suskewer, otag temperaturalarynda aşa geçirijilik barada sensasiýany “paş ediji” Jeýms Hemlin, horlanmak üçin serişde işläp taýýarlan Swetlana Moýsow, gyzzyrma garşy sanjym dörediji Halidu Tinto we rak keselini öwreniji Tomas Paulz girdi.


şu gün 20:00
451

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

şu gün 17:07
512

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......