Arktikada gözegçiligiň taryhyndaky iň yssy tomus hasaba alyndy

  • 19.12.2023 11:43
  • 9k+

Geçen tomus Arktikada gözegçiligiň taryhyndaky iň yssy tomus boldy. ABŞ-niň Milli umman we atmosfera müdirliginiň (NOAA) hasabatyna görä, ortaça temperatura 6,4 gradusa deň boldy – bu 1900-nji ýylda başlanan dowamly gözegçiligiň çäklerinde hasaba alnan iň ýokary görkezijidir.

Gözlegler Arktikada ýylamagyň 1940-njy ýyllarda başlanandygyny görkezdi. Şol döwürden başlap, ortaça ýyllyk temperaturasy 10 ýylda 0,25 gradus, tomsuň ortaça temperaturasy bolsa 0,17 gradus ýokarlandy.
Alymlar 2023-nji ýylda Grenlandiýanyň buz gatlagynyň iň beýik nokadynyň eremä sezewar bolandygyny bellediler. Bu soňky 34 ýylda bäşinji gezek bolup geçdi.
Umuman, 2023-nji ýyl Arktikanyň iň yssy ýyl boldy. Deňiz buzlarynyň göwrümi kiçelmegini dowam edýär. 2023-nji ýylyň awgust aýynda deňziň üstki ortaça temperaturasy 1991-2020-nji ýyllaryň ortaça derejesinden 5-7 gradus ýylydy.
Alymlar Arktikadaky üýtgeşmeleriň ýerli halklar we täjirçilik kärhanalary üçin möhüm bolan balykçylyga gönüden-göni täsir edýändigini bellediler. Şeýlelik bilen, ýylylyk stresi sebäpli balyklaryň sany azalýar. Şeýle hem Arktikada ýagyşyň artýandygy, ýaşyl zolaklaryň we gyrymsy ösümlikleriň köpelýändigi görülýär.


şu gün 12:21
4.4k+

Howanyň üýtgemegi geljekde ýagjak dolyny has iri we howply eder

Hytaýly we amerikaly alymlaryň Nature žurnalynda çap edilen bilelikdäki ylmy barlaglary geljekde dolynyň has iri we howply boljakdygyny, munuň netijesinde dünýä ýüzüne ýetiriljek zyýanyň bolsa 36,5 göterimden......

28.05.2026 11:57
3.8k+

Tomus maýda başlady: Ýewropany anomal yssy gurşap aldy

Günbatar Ýewropa ýurtlary entek tomus başlanmanka anomal yssy howa bilen ýüzbe-ýüz boldular....

26.05.2026 15:47
10k+

Hindi poliseýleri yssy howa sebäpli içi kondisionerli başgap geýýärler

Hindistanda dowam edýän aşa yssy howa zerarly Nýu-Deliniň ýol polisiýasynyň işgärleri içine sowadyş ulgamy gurnalan şlemleri geýip başladylar....

12.05.2026 08:11
3.6k+

Reňkli plastikleriň tozany atmosferany aşa gyzdyryp başlady

Hytaýyň we ABŞ-nyň alymlarynyň bilelikde geçiren barlagy atmosferadaky reňkli plastik bölejikleriniň howanyň üýtgemegine çaklanyşyndan has güýçli täsir edýändigini ýüze çykardy. Barlagyň beýany Nature Climate......