Türkmen artistleri Parižde TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly dabarada çykyş etdiler

  • 18.12.2023 15:46
  • 9k+

15-nji dekabrda BMG-niň ylym, bilim we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Pariždaky ştab-jaýynda TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi.

Dabara dünýäniň 7 ýurdundan 70-e golaý artistler we 1500-e golaý tomaşaçylar gatnaşdylar.
Çäre Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary tarapyndan TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlykda gurnaldy.
Aýdym-sazly dabara TÜRKSOÝ-yň baş sekretarynyň orunbasary Sait Ýusuf, ÝUNESKO-nyň 42-nji Baş Konferensiýasynyň Prezidenti Simona-Mirela Mikulesku, ÝUNESKO-nyň baş direktorynyň daşary aragatnaşyklar boýunça orunbasary Entoni Kwaku Ohemeng-Boama, Türki Döwletleriň Guramasynyň baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew, şeýle-de TÜRKSOÝ-a gatnaşyjy döwletleriň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hemişelik wekilleri we ilçileri gatnaşdylar.
Merkezi Aziýadan tä Anadola çenli aralykda ýerleşen türki halklaryň sazlary we milli aýdymlary ýaňlanan, şeýle-de sebitiň ýurtlarynyň milli egin-eşiklere geýinen artistleri tarapyndan ýerine ýetirilen milli tanslary tomaşyçalaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.  
Türkmen artistleri türkmen milli tansy “Küştdepdini” ýerine ýetirdiler diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynda habar berdiler.
2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Çeju şäherinde (Koreýa Respublikasy) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisiniň dowamynda aýdym aýtmagyň we tans etmegiň “Küştdepdi” milli sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizildi.


düýn 22:10
1.5k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
1.8k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 15:47
6.6k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

düýn 12:26
703

Türkmenistanyň wekiliýeti Bonndaky klimat maslahatyna gatnaşýar

Daşary gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine (UNFCCC SB64)......