Audi R8 modeliniň ahyrky nusgalaryny çykardy

  • 18.12.2023 15:38
  • 10k+

«Audi» kompaniýasy «V10» kysymly benzinli hereketlendirijisi bolan «R8» sport awtoulagynyň önümçiliginiň tamamlanmagynyň öňüsyrasynda bu awtoulagyň ýapon bazary üçin niýetlenen çäkli nusgalaryny çykardy diýip, gazeta.ru habar berýär.

Hoşlaşyk nusgalary 8 awtoulagdan ybarat bolar. Çäkli nesle degişli awtoulaglar öçügsi (matowyý) ak reňkde çykarylar we içinde gyzyl tormoz supportlary görünýän bürünç reňkli 20 sany çişli teker diskleri bilen üpjün ediler. Gyzyl, ak we altynsow reňkleriň utgaşmasy Ýaponiýada meşhurdyr.
Aýnalar, öňdäki spoýler, yzky ganat we diffuzor uglerod süýüminden ýasalandyr. Oturgyçlar ak zolakly gara deriden tikilen, potology we bagažnigi örtmek üçin bolsa emeli zamşa materialy – alkantara peýdalanyldy. Gapylaryň aşagynda bolsa «Japan Final Edition» ýazgysy ýerleşdirildi.
Ýapon bazary üçin niýetlenen «Audi R8» ulagynyň hoşlaşyk wersiýasy 5,2 litr göwrümli we 612 at güýji kuwwaty bolan «V10» kysymly atmosfera hereketlendirijileri bilen enjamlaşdyrylandyr. Motor 7 basgançakly S-tronik awtomat ulgam bilen işleýär. Awtoulagyň bahasy 35 million ýen (246 müň dollar).


25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

09.05.2026 13:31
2.4k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.7k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......