Hytaý noýabrda hem dünýäde rekord mukdarda awtoulag satan ýurt boldy

  • 18.12.2023 12:14
  • 11k+

Hytaý noýabr aýynda rekord 2 million 935 müň awtoulag satyp, awtoulag satmakda dünýäde öňdebaryjy bolmagynda galdy. Umuman, güýzüň soňky aýynda dünýäde 8 million 031 müň ýeňil ulag we ýeňil täjirçilik ulaglary satyldy. Bu barada “Awtostat” seljeriş gullugy LMC Automotive maslahat beriş kompaniýasyna salgylanyp habar berýär.

ABŞ-da noýabr aýynda 1 million 227 müň awtoulag satyldy. Günbatar Ýewropanyň awtoulag bazarlarynda 1 million 105 müň awtoulag satyldy. Gündogar Ýewropa ýurtlarynda awtoulag satuwy 359,1 müň birlik boldy. Günorta Amerikada söwda dellallary 235,4 müň awtoulagy satdylar.

Dünýädäki iň iri awtoulag bazarlarynyň arasynda Ýaponiýany (408,1 müň birlik), Koreýany (157,6 müň birlik) we Kanadany (137,7 müň birlik) aýratyn bellemelidiris.


24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....