Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde Täze ýyla taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy

  • 16.12.2023 23:57
  • 22k+

Şu gün, 16-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Täze ýyl baýramyna taýýarlygyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, ilata söwda hyzmatlarynyň guralyşy bilen tanyşdy. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde bolmagynyň çäklerinde hereket edýän söwda toplumlarynyň, aýratyn-da, “Gökdere” söwda merkeziniň işi, bu ýerde söwdanyň guralyşy we halkymyza hödürlenilýän önümleriň hem-de harytlaryň görnüşleri bilen tanyşdy.
Merkeziň tekjelerinde azyk we senagat harytlarynyň köp görnüşleri ýerleşdirilip, olar hil we elýeterli baha babatda häzirki zaman talaplaryna we halkymyzyň ösen islegine doly kybap gelýär.
Şol bir wagtyň özünde merkezde elektron söwdanyň, ýagny sanly ulgam arkaly söwda hyzmatlary amala aşyrylýar. Söwda merkezinde azyk harytlarynyň hödürlenýän zolagyna aýratyn möçberli çägiň bölünip berilmegi adamlaryň bu önümlere bolan isleginiň doly derejede kanagatlandyrylmagy ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. Olarda et, balyk, taýýar önümler, gaýtadan işleýän senagatyň önümleri, unaş, çörek we çörek önümleri, ter gök we miwe önümleri alyjylara hödürlenýär. Şeýle hem merkeziň çäklerinde unuň, däneli önümleriň dürli görnüşleri, olaryň gaplanan we gaplanmadyk görnüşleriniň bardygyny bellemeli.
Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň işgärleriniň alyp barýan işlerine minnetdarlygyň nyşany hökmünde olaryň her birine Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli toý sowgatlaryny gowşurdy we olara mundan beýläk-de netijeli işläp halkymyzyň alkyşlaryna mynasyp bolmaklaryny arzuw etdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Onuň dowamynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ikinji tapgyrda meýilleşdirilen önümçilik toplumlarynyň gurluşyklaryna bolan gatnaşyklary, şeýle hem bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň ýerleşdiriljek ýerleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......