Toyota Ýaponiýada Land Cruiser 300 modeliniň satuwyny togtatdy

  • 16.12.2023 15:17
  • 31k+

Toyota-nyň käbir modelleri Ýaponiýada sargyt etmek üçin wagtlaýyn elýeterli däl. Önümçilik bar bolan sargytlaryndan takmynan bir million awtoulag yza galýar. Bu mesele COVID-19 pandemiýasyndan bäri dowam edip gelýär diýip, Nikkei ýazýar.

Hususan-da, güýzüň dowamynda gibrid hetçbek Aqua, Land Cruiser 300 SUV we Alphard miniweni saklanyş sanawynda boldy. Ýerli söwda dellallary satuwyň diňe aprel bilen oktýabr aralygynda iki aý ýokary bolandygyny bellediler. Häzirki wagtda  awtoulaglaryň üpjünçiliginiň kemelmeginden başga-da, öňünden sargyt etmegiň fiziki mümkinçiligi hem ýok.
Üpjünçiligiň sargytlaryň sanyndan yza galmaklygy kowid çäklendirmeleri döwüründe başlandy. Soň ýarymgeçirijiler ýetmezçilik etdi. Toyota ähli modelleri üçin sargyt almagy dowam etdirdi we mesele hasam ýaramazlaşdi. Käbir maglumatlara görä, ol indi millionlap awtoulagda hasaplanýar.
Meseläniň sebäplerinden biri Ýaponiýada satyş tertibiniň üýtgemegi boldy. Ýaňy-ýakynda-da Toyota-da söwda dellallarynyň dört kategoriýasy bardy, olaryň hersi bir modele ünsi jemleýärdi. Indi bolsa islendik Toyota-ny islendik awtoulag salonynda sargyt edip bolýar. Bu iň meşhur wersiýalara islegiň artmagyna sebäp boldy.
Ýagdaý gowulaşýar, ýöne juda haýal. Eger 2022-nji ýylyň ahyrynda ortaça eltiş wagty alty aý bolan bolsa, indi bäş aý. Ähli zat gowy bolsa, ýazda bu wagtyň dört aýa çenli gysgalmagyna garaşylýar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......