Google mahabat berijilere Chrome brauzerinde cookie faýllaryna elýeterliligi çäklendirer

  • 16.12.2023 22:58
  • 2.4k+

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde üçünji taraplaryň ulanyjylaryň cookie faýllaryna elýeterliligini çäklendirjek täze funksiýany synagdan geçirip başlandygyny habar berdi. Bu barada Google-yň resmi blogunda habar berilýär.

Cookie web-saýtlara we mahabat berijilere aýry-aýry internet ulanyjylaryny kesgitlemäge we onuň haýsy sahypalara girmegi makul bilýändigini yzarlamaga mümkinçilik berýän ýörite faýllardyr. Geljekde bu maglumatlar diňe maksatly mahabatlary sazlamak üçin ulanylyp bilner.
Kompaniýa 2024-nji ýylyň 4-nji ýanwaryndan dünýädäki Chrome ulanyjylarynyň tötänleýin saýlanan 1%-i üçin “Yzarlamakdan gorag” atly opsiýany girizmekçi bolýar.

“Eger saýt üçünji tarap cookie faýllary bolmazdan işlemese we Chrome sizde näsazlyk ýüze çykandygyny bilse (mysal üçin, eger siz sahypany birnäçe gezek täzeleseňiz), biz bu web-saýt üçin üçünji tarap cookie faýllaryny wagtlaýyn işe girizmek mümkinçiligini hödürläris” – diýlip, habarda aýdylýar.

Kompaniýa geljek ýylyň ikinji ýarymyndan üçünji tarap cookie faýllaryny düýbünden aýyrmagy meýilleşdirýär.


07.04.2026 10:40
1.9k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.6k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......

23.03.2026 16:40
2k+

Google ulanyjynyň gylyk-endiklerini öwrenýän emeli aňy mugt etdi

Google kompaniýasy ozal «Google AI» tarifleriniň çäginde işleýän «Personal Intelligence» funksiýasynyň indi ähli ulanyjylar üçin mugt boljakdygyny yglan etdi. Täze mümkinçilik Gemini ekoulgamyna birikdiriler, şeýle hem Google Chrome brauzeriniň web-wersiýasynda we «AI Mode» tertibinde goýlar...