Türkmenistanda dekabryň ahyrynda geçiriljek ýaşlar forumynyň senesi belli boldy

  • 16.12.2023 09:07
  • 9.9k+

27-nji dekabrda Aşgabatda Söwda-senagaty edarasynda Ýaşlaryň dabaraly maslahaty we sergisi geçiriler.  Bu dabarada ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlaryň gazanan üstünlikleriniň jemini jemleniler.

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer N.Amannepesowa saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikler üçin ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleriniň güwänamalaryny 27-nji dekabrda geçiriljek ýaşlar forumynda gowşurmagy we bu çäräni ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.
Ýaşlar maslahatyna we köpugurly sergä ata Watanymyzyň ösüşine, onuň at-abraýynyň has-da belende galmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşýan ýaşlarymyz gatnaşar. Bu dabara ýurdumyzda geçirilen halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan daşary ýurtly türgenleri, tälimçileri hem-de beýleki ugurlar boýunça ýeňiş gazanan ýaşlary hem çagyrmak gerek diýip, döwlet Baştutany belläp geçdi.


düýn 11:41
3.4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......