Türkmenistanyň Baş arçasynyň beýikligi 44 metr. Onda 4 müň oýunjak bar

  • 15.12.2023 15:18
  • 27k+

Türkmenistanda däp bolşy ýaly, Baş arça Aşgabatdaky «Älem» medeni we dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdyldy. Şu gezekki Baş arçanyň beýikligi 44 metr bolup, diametri 16 metre deňdir.

Halkara habarlar merkeziniň habar bermegine görä, bu arçany bezemek üçin 4 müň oýunjak we 55 müň dürli reňkdäki yşyklar ulanyldy. Arçanyň çür depesinde bolsa, Täze ýyly alamatlandyrýan 2024 ýazgysy ýerleşdirildi.
Täze ýyl baýramçylygynyň geçirilýän merkezine dürli monitorlar oturdylyp, ol ýerde sanly ulgam arkaly dürli şekiller görkeziler.
Şeýle hem meýdançada çagalaryň söýgüli ertekileriniň gahrymanlaryny alamatlandyrýan heýkeller oturdyldy. Mundan başga-da, meýdançada Täze ýyl mynasybetli söwda ýarmarkasy guralýar.
Şu gün, 15-nji dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy guralar.


düýn 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......