Türkmenistanda nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bellenilip geçildi

  • 15.12.2023 14:41
  • 6.3k+

14-nji dekabrda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Esasy çäre Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda geçirildi.

Çärä ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işgärleri we hünärmenleri gatnaşdylar.
Çykyş edenler energiýa serişdeleriniň ätiýaçlyk gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň örän uly syýasy we ykdysady ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Bu käniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara ibermegiň mümkinçiliklerini giňeldýär.
Häzirki döwürde türkmen energiýa serişdelerine bildirilýän isleg barha artýar. Şoňa görä-de, dünýä belli kompaniýalar we maliýe institutlary bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýarlar. Türkmenistanyň mawy ýangyjyň eksportyny köpugurly esasda ösdürmek strategiýasy bolsa uglewodorod serişdelerini çykarmak mümkinçilikleriniň artdyrylmagyndan ugur alýar.
Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli zähmetde aýratyn tapawutlanan nebitçilere, gazçylara, geologlara we ýangyç-energetika toplumynyň beýleki işgärlerine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Soňra «Nebitgaz baýlygym, hazyna-genjim,//Waspyn etsin diller, saňa buýsanjym» şygary astynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglamak dabarasy boldy. Bäsleşik «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan nebitgaz senagaty pudagynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi hem-de «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde, pudagyň işgärleriniň arasynda nebitgaz toplumynyň üstünliklerini we gazananlaryny beýan edýän iň gowy makalalar, oçerkler, hekaýalar, fotoreportažlar boýunça yglan edildi.
Soňra ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy.
Belläp geçsek, bu hünär baýramçylygy Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda 2010-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda döredildi. 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi açylyp ulanmaga berildi we türkmen «mawy ýangyjy» Gündogara akdyrylyp başlandy. Şol gün hem Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hökmünde yglan edildi.


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......