Gatylygy boýunça Ýer ýüzünde almazdan soň ikinji material döredildi

  • 15.12.2023 13:57
  • 11k+

Şotlandiýadan, Germaniýadan we Şwesiýadan halkara alymlar topary ýokary derejede berk materiallary döretmekde öňegidişlik gazandy. Olar gatylygy boýunça diňe almazdan birneme pes bolan uglerod nitridlerini aldylar. Gözleg Advanced Materials (AdvMat) ylmy žurnalynda neşir edildi diýip, gazeta.ru habar berýär.

Toparyň açyşy heniz 1980-nji ýyllarda başlanan uglerod nitridleri bilen tejribeleriň netijesi boldy. Hünärmenler uglerodyň azot bilen birleşmesini 1500 °C-dan gowrak temperaturada 70-den 135 gigapaskala çenli basyşa (Ýeriň atmosfera basyşyndan 1 mln esse ýokary) sezewar etdiler.
Alnan material ýaňy-ýakyna çenli Ýerde gatylygy boýunça almazdan soň ikinji material bolan kub görnüşli bor nitridinden has gaty boldy.
Mundan başga-da, ýokary derejede gaty uglerod nitridleri fotolýuminessensiýa we ýokary energiýa saklaýyş dykyzlygy ýaly goşmaça häsiýetlere-de eýedir.
Gözlegçileriň aýtmagyna görä, täze materiallary senagat maksatlary bilen, ýagny awtomobiller we kosmos gämileri üçin gorag örtüklerinde, Gün panellerinde, fotodetektorlarda we ýokary derejede berk kesiş gurallarynyň önümçiliginde ulanmak bolar.


düýn 20:00
903

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......