Hindistanyň gazna bazary Gonkongdan ozduryp, dünýäde ýedinji boldy

  • 15.12.2023 13:44
  • 3.9k+

Hindistanyň gazna bazarynyň göwrümi Gonkongdan öňe geçip, göwrümi boýunça dünýäde ýedinji orunda durýar. Bu ýurduň ykdysady geljegi barada maýa goýujylaryň optimizminiň artmagy bilen şertlendirilendir. Bütindünýä gazna biržalary federasiýasynyň habaryna görä, noýabr aýynyň ahyryna çenli Hindistanyň Milli gazna biržasynyň umumy bazar kapitalizasiýasy, Gonkongyň bazary üçin 3,984 trillion dollar bilen deňeşdirilende, 3,989 trillion dollar boldy.

Hindi Nifty 50 görkezijisi iň ýokary derejesini ýene bir gezek täzeledi. Bu ýyl ol birden 16 göterim ýokarlandy. Munuň tersine, Gonkongyň Hang Seng görkezijisi ýylyň başyndan bäri 17% aşaklady.
Hindistan şu ýyl ajaýyp netijeleri görkezdi. Likwidliligiň ýokarlanmagy we ABŞ-nyň gaznasynyň pes girdejisi görnüşindäki global makroykdysady gurşawda gowulaşan dinamika, ýurduň gazna bazarlarynyň ösmegine goşant goşdy. Geljek ýyl dünýäniň iň köp ilatly ýurdy saýlawlar hem geçirer, analitikleriň pikiriçe, ol dolandyryjy milletçi «Bharatiýa janata parti» partiýasy üçin ýene bir ýeňiş getirip biler. Bu maýa goýujylary syýasatyň üýtgewsiz galjakdygyna ynandyrar, bu bolsa öz gezeginde ýakyn üç-dört aýyň içinde mundan buýanky  ösüşlere sebäp bolup biler.


26.06.2026 08:04
7.1k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

11.06.2026 22:18
7.8k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....

30.05.2026 11:21
3k+

Taýwanyň fond bazary ýekeje kompaniýanyň kömegi bilen Hindistandan öňe geçdi

Taýwanyň maliýe bazarlary öz taryhynda ilkinji gezek Hindistanyň fond bazaryny yzda galdyryp, 4,95 trillion dollar möçber bilen dünýäde bäşinji orna göterildi. Emma synçylar munuň tutuş ýurduň ykdysady......

24.05.2026 10:33
2.6k+

HPG: 2031-nji ýyla çenli Hindistan ykdysady ösüşi bilen ilkinji üçlüge girer

Halkara pul gaznasynyň 2026-njy ýyl üçin taýýarlan «Dünýä ykdysadyýetiniň geljegi» atly täze hasabatyna görä, 2031-nji ýyla çenli Hindistan nominal Jemi içerki önüminiň (JIÖ) göwrümi boýunça Germaniýany,......