Stambulyň taryhy merkezine giriş tölegli bolup biler

  • 15.12.2023 07:52
  • 7.7k+

Türkiýäniň iň ilatly şäheri bolan Stambulyň häkimiýeti ulag dyknyşyklaryna we howanyň hapalanmagyna garşy göreşiň çäklerinde hususy awtomobilleriň şäheriň taryhy merkezine girmegi üçin töleg girizmegi meýilleşdirýär. Şeýle maglumat “Stambulyň şäher hereketiniň durnukly ösüş meýilnamasyndan” (SKUP) gelip çykýar diýip, RIA Nowosti ýazýar.

Resminamanyň bir nusgasy agentligiň ygtyýarynda bar.
Meýilnama görä, şäher häkimiýeti şäheri karbonsyzlaşdyrmak üçin 26 wezipäni kesgitledi we olardan ileri tutulýany demirýol transportyny we metro ulgamyny ösdürmekdir.
Meýilnama laýyklykda, awtoulag eýeleri Eminýonýu gämi duralgasynyň sebitinde ýerleşýän kiosklarda taryhy merkeze girmek üçin tölemeli bolarlar. Tölegiň mukdary näbelli bolup galýar, ýöne bu pikiri durmuşa geçirmek üçin 3,4 mln dollardan gowrak pul gerek bolar.

“Bu meýilnama stambullylaryň durmuşyny gowulandyrmagy, hususy awtomobilleriň ulanylyşyny azaltmagy we şäheriň ýaşaýjylaryny daşky gurşaw üçin zyýany az bolan ulag görnüşlerinden peýdalanmaga höweslendirmegi göz öňünde tutýar... Biz howanyň hapalanmagyna garşy göreşmek we şäherde awtomobilleriň sanyny azaltmak üçin Stambulyň merkezi sebitlerinde uglerod zyňyndylarynyň pes bolan zolaklaryny dörederis” – diýip, şäheriň häkimi Ekrem Imamoglu aýtdy.


05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.9k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3.1k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.9k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......