Wideo oýunlary pudagynda dünýädäki iň uly sergi E3 hemişelik ýapyldy

  • 14.12.2023 15:44
  • 5.5k+

Programma üpjünçiligini we wideo oýunlary öndürijileriň amerikan assosiasiýasy (ESA) 1995-nji ýyldan 2019-njy ýyl aralygynda her ýyl geçirilen oýun pudagynda dünýädäki iň uly sergi Electronic Entertainment Expo-nyň (E3) gutarnykly ýapylandygyny yglan etdi. Bu baradaky habar serginiň resmi saýtynda peýda boldy diýip, gazeta.ru habar berýär.

“Her biri öňküsinden uly bolan E3-üň ýigrimi ýyldan gowrak wagt hereketinden soň, hoşlaşmagyň wagty geldi” – diýlip, habarda aýdylýar.

Habar GGWP (Good game, Well played, “Gowy oýun, örän gowy oýnadyk”) gysgaltmasy – geýmerleriň, adatça, gyzykly oýun ýa-da sessiýa üçin birek-birege minnetdarlyk bildirmekde ulanýan jümlesi bilen tamamlanýar.
ESA-nyň prezidenti we baş müdiri Stenli Pýer-Luiniň aýtmagyna görä, bäsdeş çäreleriň ýüze çykmagy, hyzmatdaşlaryň gitmegi we COVID-19 pandemiýasy döwründe auditoriýanyň endikleriniň üýtgemegi sebäpli gurama E3-i gutarnykly ýapmak kararyna geldi.
Stenli Pýer-Lui E3-üň ýapylmagynyň wideo oýunlary pudagynyň indi dürli ugur bilen hereket edýändigini aňladýandygyny we bu ýerde uly kompaniýalaryň öz hususy çärelerini we meýdançalaryny döretmäge hem-de täze usullar bilen auditoriýany özüne çekmäge mümkinçilik alýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

27.06.2026 20:25
3.6k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.7k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.6k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.7k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......