Teýlor Swiftiň konsert syýahaty iň girdejili hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 14.12.2023 09:30
  • 9k+

Teýlor Swiftiň “The Eras Tour” dünýä syýahaty girdeji ýygymy boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada Guinness World Records saýtyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Syýahat 1 mlrd dollar girdejiden geçip, Elton Jonyň öňki rekordyny ($939 mln) täzeledi – şonda aýdymçy bäş ýyllap tutuş dünýä boýunça hoşlaşyk konsertini alyp bardy. Teýlor Swiftiň “The Eras Tour” syýahaty, öz gezeginde, 2023-nji ýylyň mart aýynda başlady we 2024-nji ýylyň dekabr aýynda tamamlanar.
Saýt häzirki wagtda Swiftiň konsert syýahatynyň aýdymçy Beýonseniň “Renaissance World Tour” syýahatyndan iki esse köp gazanandygyny belleýär.
Ýatlap geçsek, 29-njy iýulda Teýlor Swiftiň muşdaklarynyň onuň Sietldäki konsertinde rekord seýsmiki işjeňligi görkezendigi habar berildi. Ol 2,3 bal ululykdaky ýertitremä barabar boldy.
6-njy dekabrda “Time” žurnaly Teýlor Swifti “ýylyň adamsy” diýip ykrar etdi. Ol bu at ugrundaky göreşde Barbiden, patyşa Karl III-den we Wladimir Putinden öňe geçdi. 


01.02.2025 11:32
5.6k+

Kimiň stili has özüne çekiji: Superdry brendi meşhur şahsyýetleriň reýtingini hödürledi

Britaniýanyň Superdry moda brendi Teýlor Swifti iň ýaraşykly stili bolan meşhur şahsyýet diýip atlandyrdy.   Hünärmenler 2021-nji ýylyň dekabr aýyndan 2024-nji ýylyň noýabr aýy aralygyndaky döwürde moda, egin-eşik...

29.01.2025 15:14
2.4k+

Bruno Mars aýda 150 million diňleýji toplap, Spotify-yň rekordyny goýdy

Bruno Mars Spotify-niň taryhynda aýda 150 million diňleýjä ýeten ilkinji sazanda boldy. Aýdymçy bu üstünlige soňky döwürde ýekelikdäki çykyşlaryny seýrek goýberýändigine garamazdan ýetdi diýip, Variety neşiri belleýär...

08.12.2024 11:10
3.8k+

Spotify-da iň köp diňlenýän aýdymçy Teýlor Swift boldy

Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift yzygider ikinji ýyl Spotify aýdym-saz platformasynda 2024-nji ýylyň iň meşhur aýdymçysy boldy. Onuň aýdymlary 26,6 mlrd gezek diňlenildi diýlip, akym hyzmatynyň saýtynda habar berilýär...

07.12.2024 11:21
3.5k+

Beýonse Billboard-yň wersiýasy boýunça XXI asyryň iň uly pop ýyldyzy diýlip  ykrar edildi

Billboard aýdym-saz neşiriniň wersiýasyna görä, Beýonse XXI asyryň iň uly pop ýyldyzy hökmünde ykrar edildi. Ol soňky 25 ýylyň iň gowy estrada ýerine ýetirijileriniň sanawynda birinji ýeri eýeledi. Neşir onuň häzirki...