Ýewropanyň çempiony Jorjo Kiellini 39 ýaşynda karýerasyny tamamlady ​

  • 13.12.2023 19:18
  • 10k+

Italiýanyň futbol ýygyndysynyň we “Ýuwentusyň” öňki goragçysy Jorjo Kiellini 39 ýaşynda butsusyny çüýden asmak kararyna gelendigini aýtdy.

“Skuadra adzurra” toparynyň soňky ýyllarda iň gowy goragçylaryndan biri sosial ulgamlarda karýerasyndaky pursatlary bilen wideo çap etdi we janköýerlere özüniň karýerasyny tamamlaýandygyny aýtdy: “Täze baplara başlamagyň, täze kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmagyň hem-de durmuşyň täze sahypalaryny ýazmagyň wagty geldi".

Kiellini karýerasyna ýönekeýje “Liworno”-da başlady, soňra “Fiorentina”-da özüni tanatdy we iň gowy ýyllaryny “Ýuwentus”-da geçirdi, topar bilen dokuz gezek Italiýanyň çempiony boldy. Goragçynyň karýerasyndaky iň soňky klub 2022-nji ýylda MLS ligasynyň çempiony bolan amerikan Los-Anjelesi boldy.

Bu oýunçy ýurduň milli ýygyndy toparlarynda ýaşlaryň toparyndan başlap, milli ýygyndynyň derejesine çenli köp oýunlarda oýnady, 22 ýyllap “Adzurra” toparynyň düzüminde boldy. Ýurduň esasy topary bilen 2020-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynda we Olimpiýa oýunlarynda, Konfederasiýa kubogynda we UEFA-nyň Milletler ligasynda bürünç medallara eýe boldy.


şu gün 13:51
1.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......