Ýaponiýada täzelenen Nissan Note çykdy

  • 12.12.2023 17:21
  • 17k+

Nissan kompaniýasy ýapon bazary üçin Note gibridiniň kämilleşdirilen görnüşini hödürledi. Bäş gapyly awtoulagyň öň bölegi täze dizaýn aldy, esasy toplum bölegi ​ baýlaşdyryldy we salony birneme amatly, has işjeň görnüşe getirildi. Ýaponiýada täze ulagyň satuwy ýanwar aýynyň ahyrynda 2​ 299 000 ýen (takmynan 16 müň dollar) bahadan başlar.

Nissan Note-iň öň tarapy V görnüşli dizaýnyny saklady. Şeýle-de bolsa, indi radiator gözeneginiň çarçuwasy ýok we öň tarapky faralarynyň aşagynda täze wstawkalar peýda boldy. Gözenegiň üstündäki kese lameller, komplektasiýasyna baglylykda, kuzowyň reňkine ýa-da goýy çal reňklere boýalan bolup bilner. Öňki bamper hem üýtgedildi we tigir dizaýny üýtgedildi: daşky görnüşi adaty ýapon nagyşlaryndan şekil alýar. Şuňa meňzeş äheňler salonyň öň panelinde peýda boldy.

Tehniki bölegi boýunça üýtgeşmeler barada hiç zat aýdylmaýar. Note-iň esasy wersiýasy 82 güýçli 1,2 litrlik içinden otlanýan hereketlendirijisi bilen öndürilýän 112 at güýji bolan elektrik hereketlendirijisi bilen hereket edýär. Bahasy 2,58 million iýen bolan bäş gapyly, doly hereketli tekerli ulagyň yzky okda goşmaça 68 at güýji bolan elektrik hereketlendirijisi bar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

12.06.2026 01:38
7.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
13k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......