Stokgolmda Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

  • 12.12.2023 09:47
  • 6.7k+

Şwesiýanyň patyşasy Karl XVI Gustaw Stokgolm filarmoniýasynda lukmançylyk, fizika, himiýa, edebiýat we ykdysadyýet boýunça Nobel baýraklaryny gowşurdy. 10 sany baýrak eýesi monarhyň elinden diplomlary we altyn medallary aldy diýip, TASS habar berýär.

Dabarany açan Nobel gaznasynyň edarasynyň başlygy Astrid Sýoderberg Widding erkin düýpli gözlegleriň netijesinde ylmyň adamzadyň bilim serhedini giňeldip, garaşylmadyk we öňünden bilip bolmajak geljekki wakalara taýýarlygy üpjün edýändigini aýtdy. Ol baýrak eýeleriniň ylmyň we edebiýatyň güýjüne şaýatlyk edýändigini sözüniň üstüne goşdy. “Olar biziň ýekelikde we bilelikde dünýäni üýtgetmäge ukyplydygymyzy görkezýär” diýip, ol belledi.
Belläp geçsek, esaslandyryjynyň profilini saklaýan Nobel medallary 18 karat altyndan taýýarlanyp, agramlary 175 g barabardyr. 1980-nji ýyla çenli medallaryň agramy 200 g çenli bolup, 23 karat altyndan taýýarlanýardy. Ykdysadyýet boýunça baýrak alanlar birneme agyr medal alýarlar – 185 g.  
Baýrak gowşurylandan soň, laureatlar, myhmanlar, şa maşgalasynyň we hökümet agzalary, ylmy, işewür we medeni elitanyň wekilleri Stokgolmyň şäher edarasyna däp boýunça guralýan bankete ugradylar.


28.01.2026 09:50
2.2k+

Nobel baýragynyň eýesi Kadzuo Isiguronyň «Klara we Güneş» romany ekrana geçirilýär

Režissýor Taýka Waýtiti özüniň «Klara we Güneş» («Клара и Солнце») atly ylmy-fantastiki dramasynyň ýakyn wagtda ekranlara çykjakdygyny mälim etdi. Bu film Nobel baýragynyň eýesi Kadzuo Isiguronyň adybir romany esasynda surata düşürildi...

20.01.2026 10:59
2.5k+

Stokgolmda Nobel merkezi gurlar

Stokgolmda Nobel merkeziniň gurluşygy meýilleşdirilýär. Taslama Germaniýanyň David Chipperfield Architects binagärlik studiýasy tarapyndan Şwesiýanyň Sweco Architects kompaniýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlandy...

09.10.2025 18:33
2.6k+

Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi wengriýaly ýazyjy Laslo Krasnahorkai boldy

Nobel komiteti 2025-nji ýylyň edebiýat boýunça baýragynyň eýesini yglan etdi. Baýragy “apokaliptik elhençligiň möwjän döwründe sungatyň güýjüni tassyklaýan täsirli we öňdengörüjilikli döredijiligi üçin” wengriýaly ýazyjy Laslo Krasnahorkai aldy...

12.09.2025 17:55
9.2k+

Şwesiýadaky batgalykda bäş müňýyllyk “wagt kapsulasy” tapyldy

Şwesiýada arheologlar Gerstabergdäki Ýerna sebitinden uzakda bolmadyk batgalykda taryhdan ozalky predmetler bilen “wagt kapsulasyny” tapdy diýip, Heritage Daily habar berýär. Gazuw-agtaryş işleriniň geçirilen ýerinde agaç pürsünden, paýadan ýasalan desgalar we örülen önümler tapyldy, olaryň ýaşy, takmynan, 5 müň ýyla barabar diýlip hasaplanýar...