Türki dünýäsiniň paýtagty ady Şuşadan Türkmenistanyň Änew şäherine geçirildi

  • 12.12.2023 09:48
  • 17k+

10-njy dekabrda Şuşa şäherinde Azerbaýjanyň Medeniýet ministrligi bilen Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOY) bilelikde gurnamagynda “Şuşa – türki dünýäsiniň medeni paýtagty – 2023” ýylynyň resmi ýapylyş dabarasy boldy. AZERTAJ agentliginiň habar bermegine görä, çärä Azerbaýjan döwletiniň resmi şahslary, ylmy we sungat işgärleri, ýazyjylar, TÜRKSOY-a agza ýurtlaryň wekiliýetleri, türki hyzmatdaşlyk guramalarynyň ýolbaşçylary we beýleki myhmanlar gatnaşdy.

Çärede çykyş etmek bilen, Azerbaýjanyň medeniýet ministri Adil Kerimli bu ýylyň Azerbaýjan we türki dünýäsi üçin wakalara baýdygyny belledi. Ministr bu ýylda türki dünýäsinde Türkiýe Respublikasynyň 100 ýyllygynyň we TÜRKSOY-yň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň dabaraly ýagdaýda bellenilýändigini aýtdy. Ol ýurtda birnäçe çäreleriň hem gurnalandygyny belledi. Olar Şuşanyň we Azerbaýjan medeniýetiniň baý mirasyny, şeýle-de türki dünýäsiniň medeniýetini görkezmekde uly ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şahmyradow hem öz çykyşynda şeýle çäreleriň türki dünýäsiniň agzybirligine, özara medeniýetlerimizi tanyşdyrmaga we ýaýratmaga hyzmat edýändigini aýtdy. Ol türki döwletleriň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Çäräniň dowamynda Azerbaýjanyň medeniýet ministri Adil Kerimli Atageldi Şahmyradowa türki dünýäsiniň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşinde başlyklygynyň nyşanyny gowşurdy.
Azerbaýjan Respublikasynyň prezidentiniň Şuşa sebitindäki ýörite wekili Aýdyn Kerimow 2024-nji ýylda “türki dünýäsiniň medeni paýtagty” estafetasynyň Şuşadan Türkmenistanyň Änew şäherine geçirilmegini aňladýan nyşany Änew şäheriniň häkimliginiň başlygy Röwşen Jumaýewe gowşurdy.
Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Änew şäheri barada wideo tomaşa etdiler. Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň sungat ussatlarynyň we ýaş zehinleriniň gatnaşmagynda konsert programmasy hödürlendi.
Ýeri gelende bellesek, Şuşa şäheri 2024-nji ýylda “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” wezipesini ýerine ýetirer.


düýn 11:22
4.1k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

düýn 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......