Türkmenistanyň DIM-inde FAO guramasy bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri maslahatlaşyldy

  • 11.12.2023 14:40
  • 3.3k+

10-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli geçirilýän “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen BMG-niň azyk we oba-hojalyk guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gutsu bilen duşuşdy.

Duşuşykda azyk we ekologiýa howpsuzlygy, tebigy serişdeleriň tygşytly ulanylmagy hem-de sanly ýer kadastry ulgamynda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy barada pikir alşyldy.
Taraplar üstümizdäki ýylda Türkmenistanyň we FAO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligi barada belläp, bu ugurda bilelikdäki çäreleriň ençemesiniň, şol sanda 2023-nji ýylyň martynda Aşgabatda azyk howpsuzlygy boýunça maslahatyň geçirilendigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy BMG-niň azyk we oba-hojalyk guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmasyny beýan etdi.
W. Gutsu Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen tagallalary barada belledi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanda FAO bilen bilelikde oba hojalygynyň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine uýgunlaşmagyny üpjün etmekde wajyp ädim boljak howanyň üýtgemegi we azyk howpsuzlygy meseleleri boýunça sebit maslahatynyň geçirilmeginiň mümkinçilikleri barada maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň çäklerinde FAO-nyň ýurdumyz boýunça sebit we tehniki taslamalarynyň amala aşyrylyşynyň häzirki ýagdaýyna seredildi. Bu ugurda suw jandarlary üçin iýmleri öndürmegiň we ýerlemegiň meseleleri hem-de suw jandarlarynyň ýaşaýşyny ýokarlandyrmak boýunça tehniki hyzmatdaşlyk taslamalaryna, dowarlaryň durnukly dolandyrylyşynyň sanly çözgütlerini işläp taýýarlamaklyga we Türkmenistanda suw serişdeleriniň dolandyrylmagynyň howa şertlerine uýgunlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini artdyrmaklyga degişli resminamalaryň toplumyna gol çekmegiň wajyplygyna üns çekildi.
Gepleşikleriň gün-tertibiniň aýratyn meselesi hökmünde, Türkmenistanda FAO-nyň wekilçiliginiň açylmagynyň anyk ädimleri maslahatlaşyldy.


düýn 11:32
2.2k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......