Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek boýunça ylalaşygyň möhleti uzaldylar

  • 11.12.2023 07:18
  • 17k+

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Halkara energetika taslamalary müdiriýetiniň başlygy Myrat Artykow Owganystanyň energetika we suw serişdeleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Latif Mansur bilen duşuşyp, 2024-nji ýylda goňşy döwlete türkmen elektrik energiýasyny ibermek baradaky şertnamanyň möhletini uzaltmak barada pikir alyşdy. Bu barada TOLO habarlar agentligi mälim edýär. Muny ORIENT ýetirýär.

“Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň ýolbaşçylary TOP elektrik geçirijisiniň durmuşa geçirilmegine taýýarlyk görmekden başga-da, bu taslamany durmuşa geçirmek üçin ähli taraplaryň işiniň sazlaşykly ýola goýulmalydygyny nygtaýarlar. Hyratda "Noor al-Jihad" kiçi elektrik bekediniň ýakyn wagtda ulanylmaga berilmegi üçin işler çaltlandyrylan depginde alnyp barylýar" diýip, owgan wekiliýetiniň ýolbaşçysy belledi.

Owgan tarapy bu energiýa taslamasynyň Owganystan üçin möhümdigini, sebäbi onuň iri kärhanalaryň talabalaýyk işlemegini ýola goýjak zerur elektrik energiýasy bilen üpjün etmegine uly umyt baglaýandyklaryny aýtdy.
Mundan başga-da, DABS owgan energiýa kompaniýasynyň ozalky başlygy Amanullah Galeb, Türkmenistandan iberilýän elektrik energiýasynyň ýokary hillidigini aýtdy.
Häzirki wagtda owgan hökümeti öz çäginde elektrik öndürmek we paýlamak üçin 200 töweregi taslamany durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär.


19.05.2026 08:02
5.4k+

Dünýäde elektrik energiýasynyň ýarysyndan gowragy heniz hem gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna üpjün edilýär

Gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşiniň rekord derejeli tizligine garamazdan, 2025-nji ýylda dünýäniň elektrik energiýasynyň esasy bölegi öňküsi ýaly gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna öndürildi....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

11.05.2026 18:16
5k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....