Müsürde üç günlük Prezident saýlawlary başlandy

  • 10.12.2023 23:37
  • 9.3k+

Müsüriň ähli welaýatlarynda Prezident saýlawlary üçin saýlaw uçastoklary açyldy diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Bellenilmegine görä, ses bermeklik ýerli wagt bilen sagat 09:00-da başlandy. Saýlawlar üç gün – 10, 11 we 12-nji dekabr aralygynda dowam eder. 67 million töweregi müsürliniň saýlawlarda ses bermäge mümkinçiligi bar. Tutuş ýurt boýunça jemi 9376 saýlaw uçastogy hereket eder. Synçy hökmünde 14 halkara guramasy wekilçilik ediler. 220 halkara synçy eýýäm tassyklandy.
Müsüriň häzirki Prezidenti Abdel Fattah as-Sisiden başga-da, Respublikan halk partiýasynyň ýolbaşçysy Hazem Omaryň, liberal «Wafd» partiýasynyň başlygy Abdel Sanad Ýamamanyň we Müsüriň Sosial-demokratik partiýasynyň başlygy Farid Zahranyň dalaşgärlige hödürlenendigi bellenilýär.


23.06.2026 14:16
5.3k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

08.06.2026 15:17
4.1k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

29.04.2026 15:42
1.6k+

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

29.04.2026 07:36
1.2k+

Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

28-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Hamdy Şaaban Abdelhalim......