Türkiýe kosmosa ilkinji hemrasyny uçurmagy meýilleşdirýär

  • 08.12.2023 12:34
  • 6.2k+

Dünýäde sürüjisiz uçuş enjamlaryny iň uly öndürijileriň biri bolan Baykar türk kompaniýasy 2025-nji ýylda öz hemrasyny kosmosa uçurmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Akşam” gazeti bilen söhbetdeşlikde kompaniýanyň müdirler geňeşiniň başlygy Seljuk Baýraktar habar berdi diýip, gazeta.ru belleýär.

Onuň aýtmagyna görä, kosmos taslamasynyň üstündäki işler eýýäm bir ýarym ýyl bäri dowam edýär, Baykar geljegi öňünden görýär we bu geljek üçin ýaryşa şu gün taýýarlanýar.
Baýraktar häzir kompaniýanyň kosmos tehnologiýalary pudagynda pes orbita uçurylýan hemralaryň we orbital transport serişdeleriniň üstünde işleýändigini belledi. Munuň global nawigasiýa ulgamlary we ýörite aragatnaşyk programmalary üçin innowasiýalary işläp taýýarlamakda goldawy üpjün etjek hemra bolmagyna garaşylýar.


04.06.2026 19:55
5.4k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.6k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

02.06.2026 12:47
5.9k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

02.06.2026 12:45
8.1k+

Koreýaly alymlar tüwi kagyzynyň kömegi bilen köne elektronikalardan altyn almagy öwrendiler

Günorta Koreýanyň himik alymlary adaty tüwi kagyzyny ulanmak arkaly elektron galyndylardan we senagat zibillerinden altyny bölüp almagyň ekologik taýdan arassa hem-de örän arzan tehnologiýasyny işläp düzdüler....