2024-nji ýylda Azerbaýjanda nobatdan daşary prezident saýlawlary geçiriler

  • 08.12.2023 07:39
  • 9.8k+

2024-nji ýylyň 7-nji fewralynda Azerbaýjanda nobatdan daşary prezident saýlawlary geçiriler diýip, ýurduň häzirki prezidenti Ilham Aliýewiň kararynda görkezilýär.

"Azerbaýjan Respublikasynyň Merkezi Saýlaw Geňeşi 2024-nji ýylyň 7-nji fewralynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlarynyň bellenilmegini we olaryň Azerbaýjan Respublikasynyň Saýlaw Kodeksi tarapyndan bellenilen tertipde geçirilmegini üpjün eder" - diýip döwlet Baştutanynyň Permanynda aýdylýar.

Azerbaýjanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, respublikanyň prezidenti erkin, şahsy we gizlin ses bermek bilen ählumumy, deň we göni saýlaw hukugy esasynda ýedi ýyllyk möhlete saýlanýar. Döwlet Baştutany sesleriň köplügi bilen saýlanýar.
Ilham Aliýewiň döwlet Baştutany hökmünde häzirki ýedi ýyllyk ygtyýarlyklarynyň möhleti 2025-nji ýylyň aprelinde dolýar, prezident saýlawlary hem şol wagt geçirilmelidi. Aliýew 2003-nji ýyldan bäri Azerbaýjana baştutanlyk edýär. 2018-nji ýylyň aprelinde ol dördünji gezek gaýtadan saýlanypdy. 


düýn 15:17
2.8k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

20.04.2026 20:30
4.7k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......

07.04.2026 21:02
2.4k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......