«Türkmenistan» awiakompaniýasy Bangkoga yzygiderli uçuşlaryny ýola goýdy

  • 07.12.2023 17:56
  • 17k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabadyň üsti bilen Kazan — Bangkok ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlarynyň amala aşyrylyp başlanjakdygy habar berdi. Bu barada awiakompaniýanyň Russiýadaky wekilhanasynyň saýtynda aýdylýar.

Gatnawlar Kazan şäherinden anna we şenbe günleri, Bangkokdan bolsa şenbe we ýekşenbe günleri ýerine ýetiriler.
Uçuşlaryň 22-nji dekabrda başlanmagy meýilleşdirilýär.

Awiabiletleri «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasynyň https://turkmenistanairlines.ru saýtyndan ýa-da “avia@itmgroup.ru” elektron poçta salgysyna hat ibermek arkaly almak bolar.


şu gün 16:40
1.5k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

şu gün 12:20
6.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.2k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....