«Porsche 911» öz hereketi bilen 6,7 kilometr kötele çykdy — bu rekord

  • 07.12.2023 14:49
  • 7.6k+

Porsche kompaniýasy täze dünýä rekordynyň goýlandygyny mälim etdi: Porsche 911 öz maýdalyna 6734 metr kötele çykmagy başardy, bu netije beýleki islendik awtoulagyňkydan ýokarydyr. Munuň üçin ony täzeden düýpli gurnamaly boldy we beýige galyşyň özi iki hepde dowam etdi. Öňki 6694 metrlik rekord hem şu ýerde, Çiliniň Ohos-del-Salado ýanardagynyň eňňidinde iki sany Unimog wnedorožniginiň kömegi bilen goýlupdy.

 

Rekord goýmak üçin iki sany “Porsche 911” wnedorožnigi öndürildi, olaryň biri goldaw ulagy hasaplandy. Bularyň ikisine-de portal köprüler we ullakan ýol tekerleri berildi, bu bolsa ony ýerden 350 millimetre çenli ýokary galdyrdy. Şeýle-de, sport awtoulaglary aramid süýüminden ýasalan gizlin gorag bilen hem enjamlaşdyryldy.
Klimata uýgunlaşmak zerurlygy sebäpli rekord goýýan topara ýokary çykmak üçin iki hepde gerek boldy (ätiýaçdan topara iki lukman goşuldy). Mundan hem başga, ugruň  soňky tapgyrlarynda ýanardag külünden dörän harsaňlaryň, çagyllaryň we meýdanlaryň arasyndan ýol salmak aňsat düşmedi.


22.06.2026 14:34
3.1k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

29.05.2026 11:37
3k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......