Türkiýeden gelen wekiliýet Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda duşuşyk geçirdi

  • 07.12.2023 13:59
  • 5.7k+

6-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamuradowyň Türkiýäniň wise-prezidentiniň Diwanynyň Adam serişdeleri boýunça ofisiniň başlygy Salim Ataýyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Adam serişdeleri edarasynyň arasynda adam serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek, özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnamada görkezilen ugurlar boýunça amala aşyrylan we geljekki ýerine ýetiriljek işler barada maslahatlaşdylar.
Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda taraplar doganlyk gatnaşyklary has-da güýçlendirmek maksady bilen, Ähtnamada görkezilen hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň çäklerinde bilelikdäki okuw maksatnamalaryny işläp düzmek, wideoaragatnaşyk arkaly okuw sapaklaryny geçirmek, professor-mugallymlaryň hem-de talyplaryň okuw saparlaryny guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykdan soňra myhmanlar Akademiýanyň täze binalar toplumyna aýlanyp okuw şertleri bilen tanyşdylar.


05.06.2026 17:31
1.4k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.2k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.8k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....