Türkmenistan bilen Türkiýäniň söwda dolanyşygy ýylyň ahyrynda 3 milliard dollara golaýlar — Jewdet Ýylmaz

  • 07.12.2023 13:36
  • 6.3k+

Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz Aşgabatda geçirilen Türkmen-türk işewürlik forumynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberiniň 2022-nji ýylda 2 milliard dollardan geçendigini, şu ýylyň 11 aýynda bolsa, 2,5 milliard dollara ýetendigini we ýylyň ahyryna çenli bu görkezijiniň 3 milliard dollara ýetirilmegine garaşylýandygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde taraplar özara söwdanyň möçberini ýylda 5 milliard dollara ýetirmek meselesini goýupdylar.

Ýylmaz hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde energetikany görkezdi.

"Bu gün dürli derejedäki energiýa meselelerini içgin ara alyp maslahatlaşdyk" diýip, ol belledi. Anadolu habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, Jewdet Ýylmaz: "Subut edilen tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýan Türkmenistan Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda köpri hökmünde hyzmat edýän Türkiýe bilen tebigy gazyň dünýä bazarlaryna çykarmak meselesinde hyzmatdaşlyk edýär" diýip nygtady.

Jewdet Ýylmaz öz ýurdunyň elektrik üpjünçiliginde hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi. "Türkmenistan bilen elektrik energiýasyny we tebigy gazy dünýä bazarlaryna eltmek üçin bilelikde täze we örän uly taslamalary bilelikde durmuşa geçirmäge we ösdürmäge taýýardyrys. Biz Türkiýä baranymyzdan soň ähli degişli edaralarymyzyň, hususan-da Energetika ministrligimiziň ýolbaşçylaryny bir ýere jemläris we bilelikde bu mesele boýunça anyk çäreleri göreris" diýip, ol aýtdy.
Ulag ulgamy, hususan-da Orta geçelge boýunça ýükleri daşamagy hyzmatdaşlygyň ýene-de bir ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi. “Türkmenistan we beýleki degişli ýurtlar bilen Orta geçelge boýunça ýük daşalyşyny ösdürmek boýunça işleri alyp barýarys. Ulag logistikasy meselesinde bilelikdäki tagallalary geljekde hem dowam etdireris " diýip, Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz belledi.


05.06.2026 17:31
1.4k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.2k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.8k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....