Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde on bir aýyň netijelerine garady

  • 06.12.2023 23:59
  • 25k+

6-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň ýanwar – noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Mejlisde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew harby bölümlerdäki işleriň ýagdaýy, şu ýylyň on bir aýynda ýurdumyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmak hem-de Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatyny artdyrmak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem güýzki çagyryş möwsümi barada aýdyldy.
Baş prokuror S.Mälikgulyýew prokuratura edaralarynyň işine prokuror gözegçiliginiň öňdebaryjy usullaryny we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Içeri işler ministri M.Hydyrow düzgün bozmalaryň öňüni almak, ýollarda howpsuzlyk kadalaryny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, ýangyn howpsuzlygy babatda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew kazyýet işiniň milli ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ýurdumyzda durnuklylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça ýylyň başyndan bäri görlen toplumlaýyn çäreler, şeýle hem ýolbaşçylyk edýän edarasyny ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew döwlet Baştutanynyň şahsy düzümiň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri, serhet bölümlerini döwrebap tehnikalar hem-de enjamlar bilen üpjün etmek babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Adalat ministri M.Taganow şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, bu düzümiň işinde sanly ulgamy işjeň ulanmagyň hasabyna adalat ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew serhetden geçirilýän ýükleriň talabalaýyk barlanmagyny üpjün etmek we bu edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem gümrük edaralarynyň ösdürmegiň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwlet Baştutanynyň bu edaranyň işine sanly ulgamy we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.


düýn 17:31
936

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....