Özbegistanda Chevrolet Lacetti ulaglarynyň önümçiligi bes ediler

  • 06.12.2023 19:17
  • 14k+

2024-nji ýylyň başynda Özbegistanyň UzAuto zawodynda Chevrolet Lacetti awtoulaglarynyň önümçiligi bes ediler. Zawodyň boşadylan kuwwaty beýleki modelleri öndürmek üçin gaýtadan paýlanar. Bu barada ýerli Awtostrada neşiri habar berdi.

Ulagyň ýygnalyşy gutarnykly ýapylmazdan ozal ýerli awtoulag sürüjilerine Limited Edition atly ýörite wersiýa hödürlener.
Deslapky maglumatlara görä, awtoulagyň kompaniýanyň konweýerlerindäki ýerini Onix, Cobalt-yň täze nesli we jikme-jiklikleri ýakyn wagtda aýan ediljek täze býujet modeli alar. Mundan başga-da, zawodda “Cadillac” markaly täze premium önüm öndürmäge taýýarlyk görülýär.
Özbegistanyň bazarynda Chevrolet Lacetti 106 at güýji bolan 1,5 litrlik hereketlendiriji, alty tizlikli awtomatiki geçiriji we öň oky hereketli tekerleri bilen elýeterlidir. Modeliň bahasy 184,8 million somdan başlaýar.


22.02.2026 01:47
5.5k+

Özbegistanda aşa çydamly kompozitlerden Magnus Aircraft uçarlary ýygnalyp başlanar

Özbegistan Wengriýanyň "Magnus Aircraft" kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda kiçi awiasiýa önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu baradaky ylalaşyk Özbegistanyň ulag ministriniň orunbasarynyň uçar öndürijiniň ýolbaşçysy bilen geçiren duşuşygynda gazanyldy...

26.01.2026 07:39
17k+

Özbegistan çykanyna 50 ýyl bolan awtoulaglary ulanyşdan aýrar: häzir şeýle 88 müňe golaý ulag bar

Özbegistanda 1-nji fewraldan başlap, öndürilenine 50 we ondan köp ýyl bolan ulag serişdelerini ulanmaga hem-de täzeden hasaba almaga gadagançylyk güýje girýär. Gadagançylyk antikwar (gadymy) awtomoto ulaglara degişli däl...

26.10.2025 21:51
8.8k+

Özbegistanda täzelenen Chevrolet Cobalt öndürilip başlandy: 50-den gowrak üýtgetme girizildi

Özbegistanyň UzAuto Motors zawodynda täzelenen Chevrolet Cobalt arzan sedany önümçilige goýberildi. Model iki görnüşde hödürlenýär: Cobalt Style MCM we Cobalt Midnight MCM. Ulag täze hereketlendirijini, dolandyryş bloguny, kämilleşdirilen gaz paýlaýyş ulgamyny, täze ABS we howa ýassygyny dolandyryş modullaryny, şeýle hem güýçlendirilen howpsuzlyk ulgamlaryny we anyklaýyş modulyny aldy...

30.07.2024 15:02
6.4k+

Özbegistanda Chevrolet Lacetti / Gentra-nyň önümçiligi tamamlandy

Özbegistanda Daewoo Gentra ady bilen hem tanalýan Chevrolet Lacetti-niň önümçiligi tamamlandy. Modeliň soňky nusgasy – gara sedan 2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda UzAuto Motors konweýerinden düşürildi. Lacetti/Gentra...