Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy

  • 06.12.2023 18:02
  • 3.2k+

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy. Ol bilen “Meridyen Uluslararsi Fuarсilik” türk kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

Gözden geçirilişe gatnaşmak üçin Türkiýäniň döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat uly wekiliýet topary, ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýän 100-e golaý kompaniýanyň we hususy kärhananyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri Aşgabada geldiler. Öz mümkinçiliklerini we öňdebaryjy tehnologiýalaryny Türkmenistanda ilkinji gezek tanyşdyrýan önüm öndüriji kompaniýalar sergä gatnaşyjylaryň agramly bölegini düzýär. Olaryň köpüsi ýurdumyzyň köpugurly ykdysady kuwwaty barada oňat habarlydyrlar we hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler.
Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de işewürler gatnaşdylar.
Forumyň açylyş dabarasynda çykyş eden türk wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz Türkmenistanda maýa goýumlaryň möçberlerini artdyrmaga we gurluşyk taslamalary arkaly bu ýurduň döwrebaplaşdyrylmagyna Türkiýäniň goşant goşmaga taýýardygyny mälim etdi.
Köpugurly sergi türk önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli önümleriň giň toplumyny – senagat we oba hojalyk pudaklary üçin enjamlaýyn düzümleri, gurluşyk serişdelerini, hojalyk we elektronika tehnikalaryny, öý hojalyk harytlaryny, dokma önümlerini we beýlekileri tanyşdyrýar.


düýn 22:20
2.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....