Germaniýaly ýaşaýjy öýünde 555 sany Täze ýyl arçasyny oturdyp, dünýä rekordyny täzeledi

  • 06.12.2023 17:39
  • 18k+

Germaniýanyň ýaşaýjysy öýünde 555 sany arça oturtmak bilen rekord eýesi boldy. Bu barada MIR 24 habar berýär.

Germaniýanyň demirgazygyndaky Rinteln şäherinden 57 ýaşly Tomas Ýeromin we onuň aýaly Sýuzanna meýdany 180 inedördül metr bolan öýde Roždestwo üçin bezelen 555 sany tokaý agajyny oturtdy. Olara jemi 108 müňe golaý şar we 48 müň çyra gerek boldy. Diňe myhman otagynyň özünde 89 agaç ýerleşdirildi. Beýlekiler ýatylýan otagda, geçelge otagynda ýerleşdi. Arçalar hatda hajathana hem sygdyryldy. Är-aýalyň üstünligi Germaniýanyň Rekordlar instituty tarapyndan resmi taýdan tassyklandy.
Şol bir wagtyň özünde, är-aýal tygşytlylygy hem ýatdan çykarmady. Olar elektrik energiýasyny az talap edýän ýörite yşyk diodly (LED) bezeg çyralaryna geçdiler. 6-njy ýanwara çenli bu “tokaýy” aýyrmak göz öňünde tutulýar, ýöne häzirlikçe Ýerominiň öýi Germaniýanyň gözel ýerleriniň birine öwrüldi. Ony görmäge ýurduň ähli ýerinden we hatda beýleki döwletlerden adamlar gelýär.


düýn 22:32
3.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....