Türkmenistan ÝUNESKO-nyň hökümetara komitetiniň Botswanadaky sessiýasyna gatnaşýar

  • 06.12.2023 16:28
  • 1.6k+

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew we Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýasynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa Botswananyň Kasane şäherinde bu guramanyň maddy däl medeni miras boýunça Hökümetara komitetiniň 18-nji sessiýasynyň işine gatnaşýar.

“Sessiýanyň dowamynda jemi 55 arza gözden geçiriler, şolardan 45 element adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň reprezentatiw sanawyna, 6-sy goraga mätäç maddy däl medeni mirasyň sanawyna girizmek üçin hödürlendi” – diýlip, HBS üçin ýaýradylan metbugat relizinde aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni miras boýunça hökümetara komitetiniň 18-nji sessiýasy 9-njy dekabra çenli dowam eder. Onuň işine ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy goramak boýunça konwensiýasyna 181 gatnaşyjy döwletiň wekilleri gatnaşýar.


düýn 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......