Aditya-L1 hindi stansiýasy Gün ýelini öwrenmäge başlady

  • 05.12.2023 21:32
  • 5.8k+

Hindistanyň uçuran Aditya-L1 Güni öwreniş awtomatiki kosmos stansiýasy Gün ýelini öwrenip başlady. Hindi kosmos gözleg guramasynyň (ISRO) berýän habaryna görä, stansiýada Gün ýeliniň ion spektrometri (SWIS) işe başlady.

ISRO X (ozalky Twitter) sosial ulgamyndaky sahypasynda: "Gün ýeliniň ion spektrometri, Gün ýeliniň tozlary boýunça synagyň Aditya-L1-e (Aditya Solar Wind Particle Experiment, ASPEX) ýüklenýän peýdaly ikinji guraly, işleýär" - diýip ýazýar.
Bu maglumata görä, Gün ýelini öwrenmek üçin synagda iki gural ulanylýar: SWIS we STEPS (supratermal we ýokary energiýa bölejikleriň spektrometri). ISRO-nyň berýän maglumatyna görä, STEPS 10-njy sentýabrda işe başlady we şenbe güni bolsa SWIS işjeňleşdirildi.
Şeýlelik bilen, Gün ýelini öwrenýän gurallarynyň ikisi hem işleýär. Respublikanyň kosmos bölüminiň görkezişi ýaly, olaryň işleýşi kadaly.
Enjam 2-nji sentýabrda işe girizildi. 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Ýerden takmynan 1,5 million km uzaklykda Gün-Ýer ulgamynyň Lagrang nokadynyň (L1 nokady) sebitindäki galo-orbitasyna çykarylmagy meýilleşdirilýär.


düýn 10:34
1.4k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......