Türkmen talyplary Moskwada geçen halkara matematika bäsleşiginde 20 medal gazandylar

  • 05.12.2023 20:56
  • 12k+

29-njy noýabr — 3-nji dekabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde Russiýanyň halklaryň dostlugy uniwersiteti tarapyndan halkara matematika olimpiadasy («RUDN MathOlymp») geçirildi. Bu bäsleşikde türkmenistanly talyplar jemi 6 altyn, 10 kümüş, 4 bürünç medal gazanmagy başardylar. Bu barada Magtymguly adyndaky TDU-nyň resmi saýty habar berýär.

1-4-nji ýyl talyplaryň arasynda şahsy we toparlaýyn görnüşde geçirilen olimpiada RF, Hytaý, Azerbaýjan, Alžir, Belarus, Beýik Britaniýa, Sloweniýa, Täjigistan, Özbegistan, Fransiýa, Türkmenistan ýaly ýurtlaryň 30-a golaý ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň 120-den gowragy gatnaşdy.
Bäsleşikde Türkmenistana Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen Döwlet energetika institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary wekilçilik etdiler. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematiki analiz kafedrasynyň mugallymy Agaserdar Ýollyýew bäsleşigiň eminler toparynyň hatarynda hem orun aldy.
Şahsy bäsleşikde berlen meseleleri çözmek üçin gatnaşyjylara 4 sagat wagt berildi. Onda türkmen talyplary jemi 6 altyn, 10 kümüş, 4 bürünç medal gazanmagy başardy.
Hususan-da, Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplary Agabek Matýakubow, Balkan Jepbarow, Hydyrberdi Rejepow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Nurmyrat Ataýew, Türkmen Döwlet energetika institutynyň talyplary Gurt Döwletow, Muhammet Annaýew altyn medalyň eýesi boldular.
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplary Şabibi Nurjanowa, Akmuhammet Akmyradow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Myratgeldi Annamuhammedow, Medine Ödäýewa, Döwletmyrat Esenow, Türkmen Döwlet energetika institutynyň talyby Akmuhammet Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Döwran Myradow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Kadyrberdi Annabaýew, Muhammetmyrat Goçmyradow, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Gurtgeldi Hanow kümüş medal gazandylar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Nagym Taňrygulyýew, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Gülöwser Gylyçmämmedowa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary Melike Jumaýewa, Ýazguly Aşyrow bürünç medala mynasyp boldular.
«RUDN MathOlymp»-yň köpöwüşginli maksatnamasyna laýyklykda, olimpiada gatnaşýan talyplar üçin «RUDN planetasy» ady bilen halklaryň dostluk konserti hem geçirilip, onda bäsleşige wekilçilik edýän ýurtlaryň milli aýdym-sazlary, tansly çykyşlary ýerine ýetirildi. Olimpiadanyň sylaglamak dabarasynda ýeňijilere degişli medallar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......