Hindistanda Magtymgulynyň goşgular ýygyndysy hindi dilinde hödürlendi

  • 05.12.2023 11:44
  • 2.9k+

Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasynda Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň hindi dilinde goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Ýygyndyny terjime etmegiň üstünde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň alymlary işledi diýip, türkmen diplomatik wekilhanasy habar berýär.

Ýygyndynyň köpçülige ýetirilmegi “Magtymguly Pyragy we Gündogaryň ruhy-medeni dünýäsi” atly ylmy-medeni maslahatyň çäklerinde guraldy. Çäre “Hindistan – Merkezi Aziýa” gaznasynyň we Nýu-Delidäki Hindi halkara merkeziniň goldaw bermeginde geçirildi.
Ýylyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň alymlary nusgawy şahyryň eserlerini hindi diline terjime etmegiň üstünde irginsiz zähmet çekdiler. Munuň bilen ugurdaş şahyryň goşgularyny beýleki dillere, şol sanda Merkezi Aziýa respublikalarynyň milli dillerine terjime etmek işleri alnyp baryldy.


düýn 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 22:08
2.8k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

18.06.2026 09:53
1.9k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......