Türkmenistanly okuwçylar Singapurda internet olimpiadasynda 3 altyn, 16 kümüş medal gazandylar

  • 04.12.2023 14:46
  • 8.8k+

2023-nji ýylyň 24-30-njy noýabry aralygynda Singapur döwletinde «Stemco Olympiad Fall Season» atly halkara internet bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylary hem gatnaşdy.

Bu abraýly bäsleşik fizika, biologiýa, matematika, himiýa dersleri boýunça geçirildi. Bäsleşigiň jemleri boýunça türkmenistanly okuwçylar 3 altyn, 16 sany kümüş medal gazandylar.

Altyn medal:

  • Annageldi Beknazarow (matematika)
  • Zemin Hudaýnazarow (himiýa)
  • Leýli Mämmetamanowa (fizika)

Kümüş medal:

  • Maksat Taganow
  • Hakberdi Orazow
  • Medine Parahadowa
  • Azat Nepesow
  • Bägül Aşyrowa
  • Aýşa Akmyradowa
  • Hatyja Orazowa (hemmesi matematika dersi boýunça)
  • Selbi Orazgeldiýewa
  • Humaý Garlyýewa
  • Nurana Jumabaýewa
  • Zeynep Ataýewa
  • Mähriban Şöhradowa (hemmesi biologiýa dersi boýunça)
  • Halylmyrat Gurbanmyradow
  • Salyh Rejepow (hemmesi himiýa dersi boýunça)
  • Salyh Rejepow
  • Arzuw Bahtyýarowa (hemmesi fizika dersi boýunça).

düýn 17:56
2.2k+

Türkmenistanda «Geljegiň hünärleriniň atlasy» neşir edildi

Türkmenistanda Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan «Geljegiň hünärleriniň atlasy» atly gollanma neşir edildi. Bu kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çykaryldy. Bu atlas Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 17-nji oktýabryndaky 1570-nji Karary bilen tassyklanan Ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna laýyklykda işlenip düzüldi...

23.03.2026 13:18
11k+

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesine Begli Ataýew bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze rektoryny bellemek hakyndaky Permana gol çekdi. TDH-niň habar bermegine görä, bu wezipä Begli Baýrammyradowiç Ataýew bellenildi. Döwlet...

21.03.2026 16:29
5.3k+

Hytaýda 10 müňden gowrak türkmen raýaty bilim alýar

Hytaýda Türkmenistanyň 10 müňden gowrak raýaty bilim alýar. Bu baradaky maglumatlary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke beren interwýusynda mälim etdi...

19.03.2026 19:47
3.8k+

Britaniýanyň ilçisi we ÝUNISEF-iň wekili Aşgabatdaky synag inklýuziw mekdebine baryp gördi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Stiwen Konlon we ÝUNISEF-iň wekili Jalpa Ratna Aşgabat şäherindäki 74-nji synag inklyuziw mekdebine baryp gördi. Bu sapar Beýik Britaniýanyň hökümetiniň Britan halkara...