Internetde Magtymguly Pyragy portaly işläp başlady

  • 03.12.2023 20:10
  • 12k+

Gündogaryň beýik akyldarynyň we nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň çäklerinde «Magtymguly Pyragy portaly» işe girizildi. Ony döretmäge portalyň many-mazmunly çykmagyna jogap berýän Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, portalyň serweriniň programma üpjünçiligine we kiber goragyna jogap berýän Tehnologiýalar merkeziniň hem-de dil goldawyny berýän ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenleri gatnaşdy diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Döwrebap sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly döredilen täze maglumat çeşmesi dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynyň bir bölegi bolan Magtymgulynyň baý edebi mirasyny bütin dünýä hödürleýär, dünýäniň islendik künjegindäki internet ulanyjysyna türkmen halkynyň ruhy aýratynlyklaryna, ahlak gymmatlyklaryna we durmuş ýörelgelerine uly täsir eden şahyryň ruhy dünýäni we pelsepewi garaýyşlaryny açmaga mümkinçilik berýär. Portal bölümlere ýerleşdirilen giňişleýin maglumatlary öz içine alýar: şahyryň ýaşan we döreden döwri, akyldaryň terjimehaly we dünýägaraýşy, goşgulary, ebedileşdirilmegi, onuň döredijiligini öwrenmek, Magtymguly Pyraga bagyşlanan kitaplar we wakalar.
Şahyryň ol ýa-da beýleki eserini tapmak isleýän ulanyjylara amatly bolar ýaly, goşgular mowzuklara bölünýär, ses ýazgylary ýerleşdirilýär, ses ýazgylaryny gözlemek we baha bermek hem-de okalan goşgularynyň sanyny görmek mümkinçiligi döredilen. Portalda Magtymguly Pyragynyň Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda oturdylan köpsanly ýadygärlikleriniň suratlary, meşhur adamlaryň şahyr hakda aýdan sözleri, şahyra bagyşlanan dokumental we çeper filmler, nakgaşlyk eserleri, dürli makalalar, türkmeniň nusgawy şahyrynyň döredijilik mirasyna degişli ylmy gözlegler we 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler baradaky maglumatlar berilýär.
Ulanyjylar web portalyň administratoryna maglumat iberip biler ýaly mümkinçilik döredildi. Magtymguly Pyragynyň eserini öwrenýän talyplaryň öz-özüni barlamagy üçin portalda XVIII asyrda ýaşap-döredip geçen şahyryň häzirki zaman düşündirişini talap edýän goşgularynyň sözlerine esaslanylyp düzülen elektron krossword ýerleşdirildi. Şeýle hem 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenjek senesine çenli galan wagty hasaplaýjy taýmer bar.
Portala şu salgydan girip bilersiňiz: magtymgulypyragy.gov.tm


düýn 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
1.9k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......