Toyota Ýaponiýada täzelenen Land Cruiser 70 ulagyny tanyşdyrdy

  • 03.12.2023 15:56
  • 14k+

«Toyota» korporasiýasy «Land Cruiser 70» kysymly ýolsuz ýer üçin niýetlenen awtoulagynyň (wnedorožnik) täzelenen nusgasyny tanyşdyrdy we modeli Ýaponiýanyň bazaryna gaýtaryp getirdi.

1984-nji ýyldan bäri öndürilip gelinýän bu awtoulag birnäçe täzeleniş bilen üpjün edildi. Hususan-da, oňa tegelek şekilli LED faralar oturdylyp başlandy we salonda media ulgamynyň ekrany ýerleşdirildi. Wnedorožnik kuwwaty 204 at güýjüne deň bolan 2,8 litrlik turbodizel we 6 basgançakly awtomatiki geçiriş gutusy bilen enjamlaşdyrylandyr. Tekeleriň ählisini herekete getirmek mümkinçiligi we elektron ulgamlaryň toplumy göz öňünde tutulandyr. Olaryň hatarynda stabilizasiýa ulgamy, boş aýlanma (probuksowka) garşy işjeň ulgam, diferensialyň elektron gulpy we depeden aşak düşmek üçin kömek funksiýasy bardyr.
Kompaniýa içerki bazarda aýda 400 sany nusgawy awtoulag satmagy meýilleşdirýär, awtoulagyň bahasy 4,8 million ýenden (32600 dollardan gowrak ) başlaýar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......