2023-nji ýylda iň gowy Android ykjam goşundylary aýdyldy

  • 03.12.2023 11:49
  • 5.6k+

Google Play-iň wise-prezidenti we baş direktory Sem Braýt Google Play Best of 2023 Awards baýragynyň ýeňijilerini yglan etdi. Android üçin iň gowy programmalaryň sanawy Google Play resmi web sahypasynda ýerleşdirildi.

ABŞ-da iň gowy programma wizual sapaklary bolan Imprint okuw programmasy: Learn Visually. Dürli enjamlar üçin iň oňat programma Spotify.
Muňa geň galjak tapylmasa gerek, ýöne 2023-nji ýylda Android-de iň gowy ykjam oýun Honkai: Genshin Impact-yň awtorlaryndan Star Rail boldy. Şeýle-de bolsa, ýönekeý oýunçylar muňa razy däl. Olaryň pikiriçe, şeýle at MONOPOLY GO-dyr!
Ulanyjylaryň pikiriçe iň gowy programma, şu ýyl aýratyn meşhurlyk gazanan ChatGPT emeli aň çat-boty boldy.

Beýleki ýeňijiler:

  • Iň gowy indi-oýun — Vampire Survivors
  • Iň gowy multipleýer — Farlight 84
  • Şahsy ösüş üçin iň gowy programma — Voidpet Garden
  • Planşet üçin iň gowy oýun — Honkai: Star Rail

07.04.2026 10:40
1.9k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.6k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......

23.03.2026 16:40
2k+

Google ulanyjynyň gylyk-endiklerini öwrenýän emeli aňy mugt etdi

Google kompaniýasy ozal «Google AI» tarifleriniň çäginde işleýän «Personal Intelligence» funksiýasynyň indi ähli ulanyjylar üçin mugt boljakdygyny yglan etdi. Täze mümkinçilik Gemini ekoulgamyna birikdiriler, şeýle hem Google Chrome brauzeriniň web-wersiýasynda we «AI Mode» tertibinde goýlar...