BAE-niň prezidenti 30 mlrd dollar möçberli täze howa gaznasynyň döredilendigini mälim etdi

  • 03.12.2023 11:32
  • 5.6k+

Birleşen Arap Emirlikleriniň prezidenti Muhammed ben Zaid Al Nahaýýan BMG-niň global howa çözgütlerini durmuşa geçirmek üçin 30 mlrd dollar möçberli täze gaznanyň döredilendigini habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

Ol bu barada Dubaýda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 28-nji konferensiýasynyň esasy çäresi bolan Bütindünýä howa sammitiniň açylyş dabarasynda aýtdy. Onuň belleýşi ýaly, täze gaznanyň döredilmegi howanyň üýtgemegine garşy göreş çärelerini maliýeleşdirmekdäki “boşlugy aradan aýyrmak” zerurlygy bilen baglanyşyklydyr. Mundan başga-da, prezident bu başlangyjyň 2030-njy ýyla çenli 250 mlrd dollar maýa goýum çekmäge gönükdirilendigini belledi.
Alterra adyny alan täze gazna howa üýtgemelerine garşy göreşde dünýädäki iň uly hususy maýa goýum mehanizmine öwrüler. Alterra-nyň müdirler geňeşine ýolbaşçylyk etjek COP28-iň başlygy Sultan ben Ahmed al-Jaberiň beýanyna görä, gazna “zyňyndy derejesi nol we howanyň üýtgemegine durnuklylygy bolan ykdysadyýete geçişi çaltlaşdyrmak üçin uly potensiala eýe bolan uly möçberli howa maýa goýumlaryna” 25 mlrd dollar gönükdirer. Galan 5 mlrd dollary global Günorta ýurtlaryna maýa goýumlary çekmek üçin gönükdirilen mehanizmiň çäklerinde ulanmak göz öňünde tutulýar.
Alterra-nyň hyzmatdaşlary beýleki howa gaznalaryna 6,5 mlrd dollar bermäge borçlanan BlackRock, Brookfield we TPG maýa goýum kompaniýalary boldy. Al-Jaberiň aýtmagyna görä, Alterra-nyň hyzmatdaşlary beýleki institusional maýadarlardan goşmaça kapitaly çekmäge ünsi jemlär. Bu serişdeleriň hasabyna, esasanam, 2025-nji ýyla çenli ösüp barýan ýurtlarda umumy kuwwaty 1,2 GWt bolan Gün we ýel elektrik stansiýalaryny gurmak meýilleşdirilýär.


11.03.2026 23:51
4.1k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň wekili bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D. Gulmanowa Halkara Zähmet Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory jenap Peter wan Roý bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär...

07.03.2026 07:35
13k+

Wepa Hajyýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (Nýu-Ýork şäheri) ýanyndaky täze hemişelik wekili wezipesine Wepa Hajyýew bellenildi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda degişli Permana gol çekdi...

07.03.2026 07:35
18k+

Aksoltan Ataýewa 32 ýyldan soň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda Aksoltan Toreýewna Ataýewany Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (ştab-kwartirasy ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýär) ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi...

06.03.2026 08:45
1.7k+

Türkmenistanyň DIM-inde BMG-niň Adam hukuklary boýunça sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili Matilda Bogneriň arasynda gepleşikler geçirildi...