Owganystanyň demirýol edaralarynyň ýolbaşçylary Aşgabatda gepleşikleri geçirýärler

  • 03.12.2023 11:29
  • 6.7k+

Aşgabatda Türkmenistanyň we Owganystanyň demirýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin Owganystanyň demirýol müdirliginiň başlygy Baht-ur-Rahman Şarafat 30-njy noýabrda türkmen paýtagtyna geldi.

Işjeň duşuşygyň gün tertibinde Owganystandaky demir ýollaryň gurluşygy, dolandyrylyşy we tehniki hyzmaty, “Lapis - Lazuli” (Lazuli geçelgesi) halkara ulag geçelgesi boýunça ýükleriň daşalyşyny işjeňleşdirmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar diýip, Orient habar berýär.
Dört gün dowam etjek ýygnak örän netijeli esaslarda dowam edýär; taraplara tehniki hyzmatdaşlygyň birnäçe çärelerini ylalaşmak başartdy, ony ösdürmekde utgaşyklylygy gowulandyrmak üçin bilelikdäki komitet döretmek kararyna gelindi.
Hususan-da, ozal türkmen gurluşykçylary tarapyndan çekilen 30 kilometrlik Akina-Andhoý demir ýol şahasyny dowam etdirmek, uzynlygy 10 km bolan Andhoý-Şibirgan böleginiň gurluşygy, şeýle hem Turgundy-Hyrat we Turgundy-Sanabar demir ýol taslamalaryna garaldy.
Ikitaraplaýyn söwdanyň we Owganystanyň beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwdasynyň göwrümini artdyrmak maksady bilen, demir ýol arkaly ýük dolanyşygyny artdyrmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Owganystanyň demirýol pudagynyň ýolbaşçylary Türkmenistan bilen Lapis -Lazuli ulag geçelgesini (Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe) ösdürmäge we üstaşyr geçiş kuwwatyny ýokarlandyrmak hem-de beýleki ýurtlardan, şol sanda Hindistandan we Päkistandan ýük akymlaryny çekmek üçin täsirli multimodal ulag shemalarynyň döredilmegine uly gyzyklanma bildirdi.


şu gün 07:42
227

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......