Braziliýa 2024-nji ýylda OPEK+ bileleşigine goşular

  • 02.12.2023 15:38
  • 2.1k+

Braziliýa 2024-nji ýylyň ýanwar aýyndan OPEK+ bileleşigine goşular. Report agentliginiň belleýşi ýaly, bu barada çeşmelere salgylanyp, Reuters agentligi habar berdi.

Häzir OPEK+ bileleşigi 23 ýurdy, şol sanda dünýäniň iň uly nebit öndürijileri bolan Russiýa bilen Saud Arabystany öz içine alýar. OPEK ýurtlary bilen kartele girmeýän 11 ýurduň arasynda nebitiň gazylyp alnyşyny çäklendirmek baradaky şertnama dünýäde energiýa göterijilerine bahalaryň pese gaçmagy esasynda ýedi ýyl mundan ozal – 2016-njy ýylyň 10-njy dekabrynda gol çekildi. Bu şertnama esasyndaky bileleşik OPEK+ diýlip atlandyryldy.
Braziliýa ýeterlik derejede uly nebit öndürijisi hasaplanýar. Maglumatlara görä, häzirki wagtda ýurtda nebitiň gazylyp alnyşy günde 3 mln barrelden geçýär.
Iýul aýynda OPEK-iň Baş sekretary Haýsam al-Gaýs guramany giňeltmegiň üstünde işleýändigini aýtdy. Ol Malaýziýa, Bruneýe, Meksika iş saparlary bilen gidendigini, ýöne heniz bu ýurtlary OPEK-e çagyrmak barada gürrüňleriň ýokdugyny belledi.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......