«Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiklerini geçirmegiň Düzgünnamasyna üýtgetmeler girizildi

  • 01.12.2023 16:04
  • 10k+

Türkmenistanyň Bilim ministriniň çykaran Buýrugyna laýyklykda, Mekdep okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşikleri geçirmegiň Düzgünnamasyna üýtgetmeler girizildi. Bu resminama 2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan döwlet belligine alyndy.

Resminama laýyklykda, Mekdep okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşikleri geçirmegiň Düzgünnamasynyň ýazgysynda «welaýat (Aşgabat şäher) we umumy döwlet», welaýat (Aşgabat şäher) Baş bilim müdirlikleri (mundan beýläk - Baş bilim müdirlikleri), «welaýat (Aşgabat şäher)», «Aşgabat şäher we welaýatlaryň» diýen sözleri degişlilikde «welaýat (Aşgabat we Arkadag şäherler) we umumy döwlet», we (Aşgabat şäher) Baş bilim müdirlikleri (mundan beýläk - Baş bilim müdirlikleri), (Arkadag şäher) bilim müdirligi (mundan beýläk - bilim müdirligi)», «welaýat (Aşgabat we Arkadag şäherler)», «Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlarynyň» diýen sözler bilen çalşyrylar.
Şeýle hem Düzgünnamadaky ýazgyda Baş bilim müdirliklerine, Bilim ministrligine salgylanmalary degişlilikde bilim müdirligine, Baş bilim müdirliklerine, Bilim ministrligine salgylanmalar bilen çalşyrylar.
Düzgünnamanyň on bäşinji böleginiň 1-nji tesminde «aprel» aýynda diýen sözi «mart» aýynda diýen söz bilen çalşyrylar.
Buýrugyň doly görnüşini şu salgydan okap bilersiňiz.


düýn 20:35
1.7k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.5k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
8.8k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......