GDA ýurtlarynyň Prezidentleri 26-njy dekabrda Sankt-Peterburgda resmi däl duşuşyk geçirerler

  • 01.12.2023 12:35
  • 8.4k+

GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy 26-njy dekabrda Sankt-Peterburgda geçiriler. Bu barada GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew habar berdi.

«25-26-njy dekabrda Sankt-Peterburgda iki möhüm çäre geçiriler. 25-nji dekabrda Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň prezidentler derejesindäki Ýokary geňeşi, 26-njy dekabrda bolsa GDA ýurtlarynyň Prezidentleriniň resmi däl duşuşygy meýilleşdirilýär» – diýip, ol Minskde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde geçirilýän Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň hemişelik wekilleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi başlamazdan öň aýtdy.

Şeýle-de, Lebedew 18-nji dekabrda GDA ýurtlarynyň Hökümet baştutanlarynyň nobatdan daşary duşuşygynyň geçiriljekdigini habar berdi.

«GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň duşuşygy RF-iň başlangyjy bilen nobatdan daşary bolar. Ol 18-nji dekabrda Moskwada RF-niň premýer-ministri Mihail Mişustiniň başlangyjy bilen geçiriler diýlip garaşylýar. Ýurtlaryň premýer-ministrleri ýylyň ahyrynda GDA-nyň işine baha bermek we möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanarlar» – diýip, Sergeý Lebedew belledi.


düýn 23:05
665

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
789

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......