Ýylyň ahyrynda mynasyp zähmet çeken ýaşlary sylaglamak dabarasy geçiriler

  • 01.12.2023 00:22
  • 13k+

Ýylyň ahyrynda Ýaşlaryň dabaraly maslahaty we sergisi geçiriler.  Bu dabarada ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleriniň jemini jemläris diýip, Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda belledi.

Maslahata we köpugurly sergä ata Watanymyzyň ösüşine, onuň at-abraýynyň has-da belende galmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşýan ýaşlarymyz gatnaşar. Bu dabara ýurdumyzda geçirilen halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan daşary ýurtly türgenleri, tälimçileri hem-de beýleki ugurlar boýunça ýeňiş gazanan ýaşlary hem çagyrmak gerek. 
Geçiriljek maslahatda we sergide ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleri, ylmy açyşlary öz beýanyny tapmalydyr diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy we dabaraly maslahatyň dowamynda ýaşlaryň alyp baran işlerine, gazanan netijelerine mynasyp baha beriljekdigini, olary sylaglamak bilen geljekki uly üstünliklere ýol açyljakdygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer N.Amannepesowa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna guramaçylyk toparynda ýaşlarymyzy çeken zähmetine, gazanan üstünliklerine görä, sylaglamak meselesine seretmek we degişli teklipleri taýýarlamak tabşyryldy. Şeýle hem bu dabaraly maslahaty we sergini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli işleri geçirmek barada görkezme berildi.


düýn 11:41
3.4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......