Aşgabat şäheriniň 2045-nji ýyla çenli döwür üçin baş meýilnamasy işlenip taýýarlanylýar

  • 30.11.2023 22:37
  • 20k+

Wise-premýer B.Annamämmedow Aşgabadyň täze baş meýilnamasyny işläp taýýarlamagyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna taýýarlanylan teklipleri hödürledi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wise-premýer B.Annamämmedow Aşgabat şäherini yzygiderli ösdürmäge we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalaryň hem-de desgalaryň yzygiderli gurulmagy netijesinde paýtagtymyzyň çägi barha giňeldilýär. 
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyz Aşgabadyň günsaýyn özgerýändigini, tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň şäher durmuşyna giňden ornaşdyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere Aşgabat şäheriniň 2045-nji ýyla çenli döwür üçin baş meýilnamasy işlenip taýýarlananda, ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryndan, öňdebaryjy halkara şähergurluşyk tejribesinden ugur alynmagyny üpjün etmek tabşyryldy. Munuň özi ak mermerli paýtagtymyzy ösdürmekde esasy talap bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.


düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....